Hyzmatlarymyz
1
Konteýner hyzmatlary
Konteýner hyzmatlary

Коnteýnerler arkaly daşama – bu ýükleriň uzak aralyklara olaryň göwrümine barabar konteýnerler arkaly daşalmagy üçin giňden peýdalanylýan täjirçilik çözgüdidir. Gämileriň kireýi boýunça awtorlaşdyrylan dellallar harytlaryň buýrujylara gowşurylmagy üçin köplenç konteýnerlerden peýdalanýarlar.

Standartlaşdyrylan gaplaryň ulanylmagy ulag we ýük daşaýyş pudagynyň özgermegine getirdi. Bugünki gün daşaýyş çözgütleri konteýner ýüklerini gysga wagtda we howpsuz ýagdaýda gaplamaga, saklamaga we gara ýollar, demir ýoly we deňiz ýollary arkaly daşamaga mümkinçilik berýär. Standart ýük konteýnerleri önümleri üýtgemekden we daşalanda hem-de saklananda daşky gurşawda zeperlenmekden goraýar. Howa şertleriniň täsirine durumsyz önümleri konteýnerlerde uzak wagtlap sowuk ýagdaýda saklamak mümkin.

Biziň  konteýnerler arkaly ýükleri daşamak boýunça iň netijeli kärhanalaryň biri bolup durýandygymyz sebäpli, siz biziň müşderilere ýokary derejede hyzmat etmek ukybymyza bil baglap bilersiňiz. Biz ýükleri tiz wagtda gowşurmak bilen öz hyzmatdaşlarymyzyň bize oňyn baha bermeklerini gazanýarys.

2
Ýükleri wagonlar arkaly daşamak hyzmatlary
Ýükleri wagonlar arkaly daşamak hyzmatlary

Ýurduň çäginde, sebit we halkara derejelerinde ýükleri wagonlar arkaly daşamak boýunça tejribämize esaslanyp, biz ýükleriň daşalyşy boýunça hyzmatlaryň giň gerimini hödürleýäris.

Ýükleriň demiýol wagonlary arkaly daşalyşyny guramak dünýäde iň amatly ýük gatnawlarynyň biri hasaplanýar. Hususan-da, ol ýükleriň göwrümi konteýneriň sygymyndan uly bolanda ýa-da konteýnerler arkaly daşalmagy mümkin bolmadyk ýükler üçin giňden peýdalanylýar.

Wagonlaryň esasy aýratynlygy – dürli görnüşli suwuklyklar, galla önümleri we gaty jisimler üçin ýörite gurluşly wagonlaryň bolmagydyr. Biziň ýokary hünär derejeli hünärmenlerimiz wagonlaryň dürli görnüşlerinden siziň üçin iň laýygyny saýlamakda we siziň gatnawyňyzy guramakda hemişe siziň hyzmatyňyza taýýardyr.

3
Gümrük hyzmatlary
Gümrük hyzmatlary

Biziň tejribeli hünärmenlerden düzülen toparymyz size harytlaryň eksporty we importy boýunça harytlaryň görnüşlerine, gaplanyş usullaryna, mukdaryna we gelip çykýan ýurduna baglylykda gümrük we eksport maslahat beriş hyzmatlaryny hödürleýär. Siz biziň gümrük boýunça hünärmenlerimizden doly maslahat almak we olaryň hyzmatyndan peýdalanmak üçin biziň kärhanamyzyň gümrük hünärmenleri bilen habarlaşyp bilersiňiz.

4
Logistika çözgütleri
Logistika çözgütleri

Beýleki logistiki kärhanalardan tapawutlylykda, biziň toparymyz siziň ýüküňiziň ýerleşýän ýerine bagly bolmazdan, logistiki hyzmatlary hödürleýär. Ýagny bizde ulaglaryň birnäçe görnüşlerinden peýdalanmak ýa-da siziň üçin multimodal ýük daşalyşyny doly guramak maksady bilen siziň ýüküňiziň ýerleşýän ýurdundaky ynamdar logistiki kärhanalar bilen işleşmek mümkinçiligi bar.

Biziň kömegimiz bilen siz şol bir nokatda siziň ýüküňiziň ýüklenip ugradylmagy ýa-da getirilip gowşurylmagy üçin zerur bolan ulag serişdelerine tölegleri töläp bilersiňiz.

5
Ýükleriň saklanyşy we ammar çözgütleri
Ýükleriň saklanyşy we ammar çözgütleri

Eksport-import kärhanalary üçin esasy töwekgelçilikleriň biri – bu ýükleriň daşalýan wagtynda ýüze çykyp biljek ýükleri saklamak we ammar meseleleridir. Özümiziň halkara tejribämize we daşary ýurtlardaky ynamdar hyzmatdaşlarymyza bil baglamak bilen, biz siziň islegleriňize laýyklykda ýükleriňiziň ammar binalarynda saklanmagy üçin çözgütleri hödürläp bileris.

Ýükler meýilleşdirilmedik ýagdaýynda saklananda, biziň toparymyz ýüze çykan ýagdaýlardan baş alyp çykmak üçin, size ýokary derejede ýardam we maslahat bererler.

Ulag ugurlary

Howa gatnawlary

Demirýol gatnawlary

Deňiz gatnawlary

Awtomobil gatnawlary

Multimodal gatnawlary